Daşoguz welaýatyna syýahat otlusy guraldy

29 Noýabr 2022
830

Aşgabadyň demir ýol menzilinden Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we hususy kompaniýalar tarapyndan guralan zyýarat otlusy ýola düşdi. Aşgabat ― Daşoguz aralygyndaky bu otlynyň ýolagçylary demirgazyk sebitdäki taryhy ýadygärliklere gezelenç etdiler. Has takygy, zyýarat-gezelenjiň esasy ugry ÝUNESKO tarapyndan goralýan «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäklerindäki ýadygärlikler boldy.

Şeýle hem syýahatçylar demirgazyk sebitiň tebigy aýratynlyklary we beýleki taryhy ýadygärlikleri bilen tanyşdylar.

Beýleki habarlar