Bag-bossanly Watanymyz — buýsanjymyz, bagtymyz

20 Noýabr 2022
677

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu babatda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler özüniň oňyn netijesini berýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, howanyň üýtgemeginiň, senagatyň daşky gurşawa we adam saglygyna ýaramaz täsirini peseltmegiň, daşky gurşawa zyňyndylaryň möçberini azaltmagyň üstünde işlemek Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda ýurdumyz boýunça saýaly, pürli, miweli agaçlary hem-de üzüm nahallaryny ekmek, bar bolanlaryna ideg etmek asylly däbe öwrüldi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 5-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Şeýle-de şol gün Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çäginde guralan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy. Bu ählihalk çäreleri halkymyzyň ene toprak baradaky aladany esasy ugur edinýän ruhy gymmatlyklarymyza ygrarlydygyny, tebigaty goramagyň we dünýäde durnukly ösüşiň bähbidine alnyp barylýan asylly işlere, howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirine garşy göreşmegiň umumadamzat işine goşant goşýandygyny alamatlandyrýar.

Beýleki habarlar