Suwly ýer — gülzar

8 Noýabr 2022
1109

Ýurdumyzda ekerançylyk üçin ulanylýan ähli meýdan 5 million gektara golaý bolsa, ony özleşdirmäge suw hem ýeterlik mukdarda bar. Eziz Diýarymyzda her ýylda ortaça 25 milliard kubmetr suw ulanylýar. Onuň 22 milliard kubmetre golaýy suwarymly ýerler üçin harçlanylýar we 2 million gektara golaý ýer özleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda suwaryş ulgamlarynyň durkunyň täzelenmegi, peýdaly täsir koeffisiýentiniň ýokarlandyrylmagy, ýerleriň düýpli tekizleniş işleriniň göwnejaý geçirilmegi, täze suw howdanlarynyň gurulmagy we olarda ýygnanylan suwuň göwrüminiň artdyrylmagy, duzlulygy pes bolan zeýkeş suwlarynyň peýdalanylmagy suwuň ýitgisiniň has azalyp, ähli mes toprakly ýerlerimizi ulanmaga mümkinçilik döredýär.

Italmaz SAPARLYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň kafedra müdiri, professor.
Beýleki habarlar