Bakylygyň buýsanjy we binýady bag

7 Noýabr 2022
1047

Dünýäde ýaşaýşa badalga berýän, bakylyga buýsanç bolup ör-boýuna galýan, gözelligi bilen kalbyňy dokundyrýan gudrat bag süňňünde jemlenendir. Ony ata-babalarymyzyň beýik ýüpek ýolunyň ugrundaky döreden gözelligi we bolçulygy baradaky taryhy maglumatlar hem aýdyň subut edýär. Halkymyz tebigat bilen dostlugyny nesillerden nesillere geçiripdir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe pederlerimiziň bu ajaýyp dessury döwrebap derejede ösdürilýär. Munuň şeýledigini «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň noýabr aýynyň ilkinji şenbesinde  ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Köpetdagyň etegindäki Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň töwereginde Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berilmegi hem tassyklaýar.

Aşyrmät GARLY,
«Adalat».
Beýleki habarlar