Täsinlikler äleminde

26 Oktýabr 2022
1761

Baglyga beslenen desga

Singapur şäher döwletinde 280 metrlik täsin gür baglyga bürenen desga açyldy. Bu belent desganyň içi we daşy köpsanly baglyga bürenenligi bilen tapawutlanýar. Onda baglaryň we ösümlikleriň 80 müň düýbi oturdylypdyr. Desganyň içki bezeginde köpsanly öý ösümlikleriniň oturdylmagy bilen birlikde, onuň dürli belentlikdäki 4 gatyny hem durşuna baglar tutýar. Mundan daşary hem, desganyň çür depesinde dürli miweli baglaryň hem tokaýlygy kemala getirilipdir. Bu bagda bolsa miweli baglaryň we bakja ekinleriň 150-den gowrak görnüşi ösdürilýär. Özboluşly bagyň datly nygmatlaryny desganyň naharhanasy myhmanlaryna hödür edýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Begli ABDYKADYROW,
žurnalist.
Beýleki habarlar