Daşkent — Aşgabadyň doganlaşan şäheri

19 Oktýabr 2022
1660

Täsin künjek

Daşkent telediňi Merkezi Aziýada iň belent desgalaryň biridir. Beýikligi 375 metre barabar bolan desga 1985-nji ýylda gurlup ulanmaga berlipdir. Belent desga diňe bir teleradio maksady bilen gurulman, ol şäheriň ajaýyp medeni künjekleriniň hem biridir. Desganyň 94 metr belentliginde syn ediş meýdançasy ýerleşip, ol ýerden şäheriň ajaýyp görnüşini synlap bolýar. Syn ediş meýdançasyndan ýokarda Gündogar we Ýewropa tagamlaryny hödürleýän restoranlaryň ikisi ýerleşýär. Bu restoranlarda naharlanmak bilen, şäheriň ähli töweregini oturan ýeriňde görüp bolýar. Ýagny, bu restoranlar äpet aýlanyş çarhynyň üstünde ýerleşip, bir sagatda bir öwrüm edýär. Telediňiň töweregi hem durşuna seýilgäh bilen gurşalyp, dürli medeni merkezlere baýdyr. Şeýle hem, telediňiň ýerleşýän ýerinde palawyň dürli görnüşleriniň bişirilýän merkezi bar. Bu ýerde äpet gazanlarda taýýarlanýan datly tagamyň lezzetini duýmaga gelýänleriň sany barha artýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Begli ABDYKADYROW,
žurnalist.
Beýleki habarlar