Dünýä bazaryna giň ýol

6 Dekabr 2021
1956

Düýn ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygyna bagyşlap maslahat geçirdi. Birleşmäniň mejlisler zalynda geçirilen maslahata Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de hususyýetçiler gatnaşdylar. Onda çykyş edenler baky Bitaraplygymyzyň halkymyza eçilen eşretleri, hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatda alyp barýan adamzat bähbitli beýik işleri dogrusynda giňişleýin durup geçdiler.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ýörelgelerine ygrarlydygyny bütin dünýä görkezmegi başardy. Parahatçylygyň, agzybirligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygy sebit we dünýä halklary tarapyndan ykrar edilen hakykatdyr. Milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyz parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeler esasynda oňyn halkara gatnaşyklary ýola goýdy. Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilip, dünýä ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi milli ykdysadyýetimiziň has-da gülläp ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň ep-esli gowulandyrylmagyna getirdi. Ýurdumyzyň hususy pudagy hem deňsiz-taýsyz ösüşlere eýe boldy, belent sepgitlere ýetdi. Milli Liderimiziň «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde türkmen işewürleriniň önümleri dünýä bazarlarynda mynasyp orun tutdy.

Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.
Beýleki habarlar