«Şawat» şatlyk paýlaýar

28 Noýabr 2021
2352

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny döredip, özümizde öndürilýän önümler bilen halkymyzy üpjün etmek baradaky berýän tabşyryklaryndan ugur alýan Daşoguz şäherindäki «Şawat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň süýt we süýt önümlerini öndürýän kärhanasy-da gazanýan üstünlikleri bilen hemmeleri begendirýär. Kärhananyň zähmet topary özüniň öndürýän ýokary hilli önümleriniň hasabyna ilatyň azyk harytlaryna bolan ösen islegleriniň kanagatlandyrylmagyna saldamly goşantlaryny goşýarlar. Bu ýerde öndürilýän gaýmak, gatyk, mesge ýagy, peýnir, uýadylan gaýmak, ereme peýniri, duzlanan peýnir, dorag, aýran ýaly süýt we süýt önümleri alyjylaryň arasynda uly islege eýe. Kärhana boýunça geçen ýyldaky degişli döwür bilen deňeşdireniňde, önümçiligiň ösüş depgini 152,8 göterime çenli ýokarlandy. Häzirki wagtda önümleriň görnüşleriniň sany 20-ä ýetdi. Kärhananyň agzybir işgärleri diňe bir önümleriň täze görnüşlerini işläp taýýarlamak bilen meşgullanman, eýsem, olar ilata hödürlenýän harydyň hil görkezijileriniň ýokarylygyny, önümleriň ählisiniň owadan gaplarda gaplanylmagyny üpjün edýärler.

Kärhanada köp ýyllardan bäri yhlasly zähmet çekip işleýän göreldeli işçi-hünärmenleriň arasynda Umyda Atajanowany, Feruza Jalalowany, Röwşen Mätiýewi we Guwanç Gurbanowy görkezmek bolar.

Gülruh HALJANOWA,
Agrosenagat işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar