Gök­de­re­de gö­wün­ler şat

26 Awgust 2021
2562

Dynç alyş möw­sü­mi­niň şat­lyk­ly pur­sat­la­ry do­wam ed­ýär. Ýa­kyn­da Gök­de­re­de ýer­leş­ýän «Çy­nar», «Al­tyn süm­mül», «Ne­bit­çi», «Be­ýik Ser­da­ryň ru­hu­be­lent ne­sil­le­ri» at­ly ça­ga­lar dynç alyş we sa­gal­dyş mer­kez­le­rin­de dür­li dabaraly çä­re­ler gu­ral­dy. Olar ýaş­la­ryň ze­hin, ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len ge­çi­ri­lip, ýur­du­myz­da kör­pe ne­sil­le­riň be­den hem ru­hy taý­dan sag­dyn­ly­gy­ny, edep-ter­bi­ýe­li­li­gi­ni ga­zan­mak üçin dö­re­dil­ýän giň şert­le­riň oňyn ne­ti­je­le­ri­ni açyp gör­kez­di. Şeý­le hem ta­ny­mal dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri bi­len du­şu­şyk­lar, ki­tap­ha­na­la­ryň, mu­zeý­le­riň göç­me ser­gi­le­ri, teatr­lar ta­ra­pyn­dan gu­ral­ýan sah­na çy­kyş­la­ry, ki­çi ýaş­ly mek­dep okuw­çy­la­ryň ara­syn­da halk er­te­ki­le­ri­ni bil­mek bo­ýun­ça gu­ra­lan bäs­le­şik­ler, su­rat çek­mek we çe­per oka­ýyş bo­ýun­ça bäs­le­şik­ler dynç alyş möw­sü­mi­niň ma­ny-maz­mu­ny­ny has-da baý­laş­dyr­dy. Ça­ga­la­ryň adat­dan da­şa­ry ýag­daý­lar­dan baş alyp çyk­mak uky­by­ny kä­mil­leş­dir­mek, ýol he­re­ke­ti­niň düz­gün­le­ri­ni ber­jaý et­mek ba­ra­da­ky dü­şün­je­le­ri­ni gi­ňelt­mek, eko­lo­gi­ýa aras­sa­çy­ly­gy ba­ra­da de­giş­li hü­när­men­le­riň dü­şün­di­riş iş­le­ri­ni ge­çir­mek hem möw­sü­miň äh­mi­ýet­li wa­ka­lar­ydyr.

«Çy­nar» ça­ga­lar dynç alyş we sa­gal­dyş mer­ke­zin­de dynç al­ýan gyz­ja­gaz­la­ryň ara­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi we Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi­niň gu­ra­ma­gyn­da «El hü­nä­ri il ge­zer» di­ýen at bi­len ene-ma­ma­la­ry­myz­dan mi­ras ga­lan mil­li el iş­le­ri­niň nus­ga­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça bäs­le­şik ge­çi­ril­di hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi bi­len Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň bi­le­lik­de yg­lan eden «Ak şä­he­ri­miz Aş­ga­bat Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­byn­da» at­ly dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­niň ne­ti­je­le­ri jem­len­di. Bäs­le­şik­le­re bu mer­kez­de dynç al­ýan ça­ga­la­ryň taý­ýar­lan bir-bi­rin­den aja­ýyp el iş­le­ri we ma­ket­le­ri gat­naş­dy­ryl­dy. Gat­na­şy­jy­la­ryň äh­li­si­ne ýa­dy­gär­lik sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy. Žur­na­ly­my­zyň fo­to­ha­bar­çy­sy­nyň şol da­ba­ra­ly çä­re­ler­den su­ra­ta dü­şü­ren tä­sir­li pur­sat­la­ry­ny, ge­liň, bi­le­lik­de syn­la­lyň!

«Gü­neş».
Beýleki habarlar