Süýt önümçiligi: Saglyk we ýokary hil

5 Awgust 2021
3187

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň hususy ulgamynyň wekilleri yhlasly we öndürijilikli zähmet çekip, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, oba hojalyk önümçiligini kämilleşdirmäge, Diýarymyzda öndürilýän azyk önümleriniň möçberini artdyrmaga öz goşantlaryny goşýarlar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýan türkmen telekeçileri häzirki günlerde öz önümçilikleriniň gerimini has-da giňeldip, önümleriň dürli görnüşlerini halkymyza ýetirýärler. Şunda telekeçiler tarapyndan öndürilýän süýt we süýt önümleriniň öndürilýändigini aýratyn bellemek gerek. Süýt önümleri ynsan saglygyny berkitmekde uly ähmiýete eýedir.

«ŞAWAT» haryt nyşanly süýt we süýt önümlerine bolan isleg barha artýar. Daşoguz welaýatynyň merkezi şäherinde ýerleşýän «Şawat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň önümleri welaýatyň hem-de ýurdumyzyň beýleki sebitlerindäki söwda nokatlarynyň tekjelerini bezeýär. Daşoguzly telekeçileriň mesge ýagy, gatyk, uýadylan gaýmak, peýnir, aýran, dorag, süzme, ýogurt ýaly ynsan saglygy üçin peýdaly süýt we süýt önümleri ýokary hili hem-de elýeterli bahasy bilen alyjylaryň söýgüli harytlaryna öwrüldi.

Mähri Ýagmyrowa
«RYSGAL» gazeti
Beýleki habarlar