Daşky gurşawyň abadançylygy

28 Iýul 2021
1891

Ýurdumyzyň ykdysady ösüşini daşky gurşaw bilen sazlaşykly alyp barmaga, ekologiýa taýdan arassa gurşawy döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn we geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýlelikde, eziz Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, olardan rejeli peýdalanmak, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary «ýaşyl» ykdysadyýeti, sanly ulgamy ornaşdyrmak, ýurdumyzda we sebitde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.

Daşky gurşawyň abadançylygyny gazanmakda Zeminiň «öýkeni» hasaplanýan tokaýlaryň ähmiýeti örän uludyr. Olar topragy ýel-ýagmyryň täsirinden gorap, daşky gurşawyň arassalygyny üpjün edýär. Şonuň bilen birlikde-de, tokaýlar şu günüň wajyp ekologiýa meseleleriniň biri bolan howanyň ählumumy maýyllygyna düýpli täsir edýän kömürturşy gazyny özleşdirmekde ähmiýetli orna eýedir.

Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň aspiranty.
Beýleki habarlar