Materikler we okeanlar hem-de olaryň geografik atlarynyň manysy

28 Iýul 2021
3551

Awstraliýa — latynça australis - «günorta» diýmekdir XVII asyryň başynda gollandlar bu materigi açyp, oňa Täze Gollandiýa diýip at berýärler. 1814-nji ýylda iňlis deňizde ýüzüjisi Metýu Flinders materige Terra Australis - «Günorta ýurt» diýen ady dakmagy teklip edýär. Soňra bu adyň diňe Awstraliýa (“günorta») diýen bölegi ulanylmaga başlaýar.

Aziýa — assiriýalylaryň «gündogar» manysyndaky asu sözünden bolup, bu at ilki Egeý deňziniň gündogar kenaryny aňladypdyr. Gadymy grekler Kiçi Aziýanyň kenarýaka sebitlerine, rimliler bolsa şu ýerdäki Pergam döwletine Asyýa diýipdirler. Has soňrak bolsa bu at dünýäniň iň uly bölegine dakylypdyr.

Beýleki habarlar