Çagalaryň erjelligi

12 Iýul 2021
2165

Kaka etrabyndaky «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde «Biz — şadyýan nesiller» ady bilen sportuň hereketli oýunlar görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi tarapyndan guralan ýaryşa gatnaşmaga höwes eden çagalar köp boldy. Olar üçin özleriniň sporta bolan ukybyny görkezmäge ajaýyp şertler döredildi.

Ýaryşyň açylyş dabarasynda bagtyýar ýaşlara sport bilen yzygiderli meşgullanmak we barha taplanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek babatda gymmatly öwüt-ündewler berildi hem-de bäsleşikde üstünlik arzuw edildi. Şeýle gymmatly maslahatlardan we ýagşy arzuwlardan soňra, tebigatyň gözel künjeginde ýerleşýän dynç alyş-sagaldyş merkeziniň sport meýdançasynda ýaryşa badalga berildi. Merkezde wagtyny şadyýan geçirýän çagalardan düzülen toparlaryň birnäçesi bu ýaryşa gatnaşmaga höwes bildirdi hem-de sport babatdaky ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Pirmuhammet ÇARYÝEW,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Kaka etrap Geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar