Dünýäniň täsin desgalary

30 Iýun 2021
2448

Olimpiýa şäherçesiniň suw sport toplumy

2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary guramaçylykly geçiren paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň suw sport toplumy dünýäde iň uly üsti ýapyk suwda ýüzülýän howuz hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Bina 4 gatdan ybarat bolup, umumy ölçegi boýunça 155,35x112,90x34,5 metre barabardyr. Şeýle-de, tomaşaçylar üçin 4899, mümkinçiligi çäkli adamlar üçin 66, metbugat wekilleri üçin 69 we VIP üçin 15, jemi 5049 orunlyk ýerler bar. Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň wekilleriniň geçiren hasaplamalaryna görä, howuzlaryň umumy meýdany 4 müň 976,65 inedördül metre deňdir. Binanyň çäginde 392 inedördül metr meýdany tutýan restoran, üç sany 321 inedördül metr meýdany eýeleýän naharhana, 94 inedördül metr meýdany tutýan kafe bar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Amantuwak REJEPBAÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar