Awaza — melhemli mekan

17 Iýun 2021
2021

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen deňziň ýakasynda giň gerimli özgertmeleriň ýaýbaňlandyrylmagy netijesinde Hazaryň türkmen kenary tanalmaz derejede özgerdi. Bu ýerde döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejeli sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, seýilgäh-dynç alyş toplumlarynyň ençemesi hereket edýär, syýahatçylyk we beýleki degişli düzümleri mundan beýläk-de ösdürmek boýunça netijeli çäreler görülýär. Hormatly Prezidentimiz Hazar sebitiniň kuwwatyny amala aşyrmaga, ildeşlerimiziň durmuşy üçin iň gowy şertleri döretmäge gönükdirilen bu uly taslamanyň doly derejede hereket etmegini berk gözegçilikde saklaýar. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 14-nji maýynda Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiren Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde hem-de Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisinde tomusky dynç alyş döwründe Awazada dynç almagyň tertibine seretdi we käbir guramaçylyk wezipeleri kesgitledi. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda raýatlar üçin dynç alşy bökdençsiz guramak maksatlarynda, Dolandyryş merkezi döredildi. Bu resminama laýyklykda, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan Awazada dynç alşy guramak boýunça degişli Dolandyryş merkezi hakyndaky Düzgünnama taýýarlanyldy we tassyklanyldy. Degişli döwlet düzümleri tarapyndan 2021-nji ýylyň 1-nji iýuny — 1-nji sentýabry aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda adamlaryň dynç alşyny guramagy üpjün etmek bellenildi.

Tebigy-howa şertleri «Awazanyň» aýratynlyklarynyň biri bolup durýar. Bu künjegiň howasynda ynsan üçin ýokumly maddalaryň ençemesi jemlenýär. Melhemler mekany bolan bu künjekde ýylyň bütin dowamynda gök öwüsýän agaç nahallary oturdylan täze seýilgäh zolaklary emele gelýär, deňiz suwunyň fitonsidleri we ionlary bilen baýlaşdyrylan has amatly howa ýagdaýy döredilýär.

Zülfiýa RAHIMOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet uniwersitetiniň Kliniki endokrinologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasynyň assistenti.
Beýleki habarlar