Belentden ýaňlanýar gülki sesleri

14 Iýun 2021
2502

«The Jamjar» sagaldyş we dynç alyş merkezi Dubaý şäherinde ýerleşýär. Bu ýere dünýäniň dürli künjeklerinden, şol sanda tomus paslynda BAE-den körpeler dynç almaga, ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge gelýärler. «The Jamjar» sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar iki topara bölünýärler. 4 — 10 ýaşly çagalar we 11 — 18 ýaşyndaky ýetginjekler aýratynlykda dynç alýarlar.

Döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen «The Jamjar» sagaldyş we dynç alyş merkezinde türgenleşik geçmäge niýetlenen sport zallary, owadan bezegler bilen bezelen oýun otaglary we meýdançalar, medeniýet merkezi, kompýuter otaglary, giň naharhana, kinoteatr çagalaryň hyzmatynda. Şeýle-de, merkezde amfiteatr, ýüzülýän howuz, lukmançylyk merkezi bar. Dynç alyş merkezinde çagalar özleriniň saglygyny berkidip, wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Mundan başga-da, çagalar mugallymlaryň ýolbaşçylygynda gurnaklara gatnaşýarlar, kompýuter programmalaryny öwrenýärler hem-de daşary ýurt dillerini özleşdirýärler. Bu merkezde bilim işgärleri çagalaryň tomusky we gyşky dynç alyş möwsümlerinde zähmet çekýärler.

Beýleki habarlar