Dynç alşa gitmek üçin ýollamanamany almagyň tertibi

28 Maý 2021
2587

Tomusky dynç alyş möwsümi barha golaýlaýar. Hormatly Prezidentimiziň ilatyň saglygyny berkitmek we göwnejaý dynç almagyny üpjün etmek baradaky tagallalary netijesinde, ildeşlerimiz ýurdumyzyň ähli şypahanalary bilen birlikde, şu ýylyň 1-nji iýuny — 1-nji sentýabry aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyşda bolup bilerler.

Ministrlikler we pudak edaralary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň çäginde ýerleşýän, özlerine degişli bolan myhmanhanalarda we kottejlerde dynç almaga isleg bildirýän raýatlara ýollamanama bererler. Şeýle-de olar ýollamanamasy resmileşdirilen raýatlaryň elektron sanawyny Dolandyryş merkezine we Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralaryna gündelik ibermegi üpjün ederler.

Beýleki habarlar