Garagumuň gözelligine görk goşýar

17 Maý 2021
1445

«Altyn asyr» Türkmen köli, oňa gelip goşulýan akabalar ata Watanymyzyň haýwanat dünýäsi, ilkinji nobatda hem, uçup geçýän guşlar üçin aýratyn uly ähmiýete eýedir. Türkmen köli Merkezi we Gündogar Garagumda akabalaryň ýerleşýän ýerlerinde ganatlylar üçin täze amatly ekologiýa we iýmit üpjünçiligini şertlendirýär. Akabalaryň ugrunda ýerleşýän, üstünden akym geçýän köller eýýäm suw--batgalyk şertlerinde ýaşaýan jandarlary: ördekleri, gazlary, sakarbaraklary, jüptünleri, çuluklary we beýlekileri özüne çekýär.

Garagumuň merkezi böleginiň suwlulandyrylmagy seýrek duş gelýän we köpüsi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen toýnakly haýwanlaryň: Üstýurt dag goçlarynyň, gulanlaryň, jerenleriň ýagdaýyna oňat täsirini ýetirýär. Haýwanat dünýäsiniň wekilleriniň baş sany artýar, olar suw howdanlarynyň kenar ýakalaryna gelýärler.

Annagylyç BERDIÝEW,
welaýat daşky gurşawy goramak müdirliginiň baş döwlet inspektory.
Beýleki habarlar