Türkmenistan — Hytaý Halk Respublikasy: netijeli gatnaşyklar giňeldilýär

7 Maý 2021
1310

6-njy maýda hormatly Prezidentimiziň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimize öwezini dolup bolmajak ýitgi — kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly ýene-de bir gezek çuňňur gynanjyny bildirdi, tutuş hytaý halkynyň adyndan duýgudaşlyk sözlerini beýan edip, sabyr-takatlylyk arzuw etdi. HHR-iň Başlygyna minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz dostluk goldawyna ýokary baha berýändigini hem-de şu kyn günlerde Hytaýyň halkynyň we onuň Lideriniň agyr ýitgi zerarly gynanjyny paýlaşýandygyna sarpa goýýandygyny nygtady.

"Nesil".
Beýleki habarlar