Yhlas edilýär

26 Aprel 2021
1205

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Prezidentimiziň ýadawsyz aladasy bilen halkymyzyň saglygyny goramaga gönükdirilen işler gerim alýar. Ilatyň saglygyny goramakda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmegem uly ähmiýete eýe bolýar. Şonuň üçinem sport mekdeplerinde we desgalarynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýanlaryň sany artýar.

Ýaşlary beden we ruhy taýdan terbiýelemekde, ezber türgenleri ýetişdirmekde biziň sport mekdebimizde-de uly işler bitirilýär. Tejribeli tälimçilerimiziň ýolbaşçylygynda ýaş türgenlerimiz öz saýlan ugurlary boýunça ussatlyklaryny ýokarlandyrýarlar. Türgenleşikler şu günüň ýokary talabyna laýyklykda alnyp barylýar. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sport mekdebimiziň Mary şäherindäki 21-nji orta mekdebi bilen bilelikde geçiren bäsleşigi hem ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Bäsleşigiň netijeleri ýaşlaryň sporta bolan isleg-höwesleriniň barha ýokarlanýandygyny äşgär etdi. Munuň özi milli Liderimiziň yglan eden sport syýasatynyň rowaçlanýandygyny subut etdi.

Beýleki habarlar