Ýyldyrymdan ýyndam

24 Aprel 2021
1206

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ilkinji gezek utgaşykly bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň we Türkmen alabaýynyň baýramynyň şanyna tutulýan uly toýuň dabaralary 24-nji aprelde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde, tebigatyň ajaýyp künjeginde gurnalan ýörite çapuw ýodasynda Uzak aralyga atly ýörişiň bäsleşikleri bilen dowam etdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli şu gezekki geçirilen ýaryşa dürli atçylyk hojalyklaryna — Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna, Milli atly sport merkezine, Türkmenistanyň Goranmak we Içeri işler ministrliklerine degişli 20 sany saýlama bedew gatnaşdy. Atly sportuň bu görnüşiniň düzgüni boýunça ýaryş başlamazdan ozal ýörite hünärmenler we weterinar lukmanlar bäsleşige goşuljak atlaryň we olara erk etjek türgenleriň saglygyny, eýer-esbabyny gözden geçirip, soňra ýaryşa gatnaşmaga rugsat berýärler. Düzgün boýunça uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigine gatnaşýan çapyksuwara gamçy ulanmak gadagandyr. Badalgadan bellenilen nokada çenli aralyk bir tarapa 15 kilometre deň bolup, atlar bu aralygy her tapgyrda iki gezek geçdiler. Ýyndamlyga hem çydamlylyga, şol birwagtda-da uzak ara ýörişlerden soň özüni çalt dürsemek ýaly artykmaçlyga eýe bolan türkmen bedewleri bellenen aralyga baryp gelenden soň, ýörite hünärmenleriň, weterinar lukmanlaryň gözegçiliginden geçirilýär. I tapgyrdan soň weterinar lukmanlar atlaryň özüni dürseýişlerini, ýürek urşunyň kadaly ýagdaýa gelşini, atyň synasyny barlaýarlar. Atly sportuň uzak aralyga atly çapmak görnüşiniň düzgünine laýyklykda ýaryşa goşulan atlar I tapgyrdan soň ýene-de ýörite hünärmenleriň gözegçiliginden geçirilensoň, II tapgyrdaky ýaryşa goşulmaga hukuk gazanýar. Bellenen aralygy üstünlikli geçip, pellehana ilkinji gelen at ýaryşyň ýeňijisi bolýar.

Narly NURYÝEW,
žurnalist.
Beýleki habarlar