Atçylyk sporty ösüş ýolunda

22 Aprel 2021
1217

Türkmen milli oýunlarynyň iň naýbaşylarynyň hatarynda at münmek we at üstündäki oýunlar sungaty hem häzirki wagtda ýaşlarymyzyň iň gyzyklanýan sport oýunlarydyr. Bu günki gün behişdi bedewlerimiziň gözelligi hem ýyndamlygy, şeýle hem ata-babalarymyzdan miras galan at üstündäki oýunlary ussatlyk bilen ýerine ýetirýän türkmen çapyksuwarlarynyň başarjaňlygy türkmen halkyny buýsandyrýar we milli oýunlarymyzyň dünýä çykmagy üçin uly mümkinçilikleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiz: «Atçylyk sporty, at münmek we at çapyşyklar adamda batyrlyk, ugurtapyjylyk, ezberlik hem-de öz-özüňe erk etmegi başarmak ýaly häsiýetleri terbiýeleýär» diýip bellemek bilen, ýaşlaryň özleriniň mümkinçiliklerini dogry hem netijeli ulanmalydyklaryny nygtaýar.

Serdar TÄÇDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan.
Beýleki habarlar