Dem alyş ulgamynyň kesellerinde peýdaly maşklar

19 Aprel 2021
1436

Gan we limfa aýlanyşygyny işjeňleşdirýän bejeriş-bedenterbiýe maşklar toplumy adamda kadaly dem alşy ýola goýup, dürli gaýra üzülmeleriň öňüni alýar, bedeni fiziki agram salmalara taýýarlaýar, nerw-psihiki hem-de umumy ýagdaýyny gowulandyrýar. Bu bejeriş-bedenterbiýe maşklar toplumy:

• kesellerden soňky dikeldiş döwründe, has-da dem alyş ulgamynyň kesellerinde;
• öň işjeňligi peselen alweollaryň, öýkeniň, bronhlaryň dokumalarynyň gan we limfa aýlanyşygynyň gowulanmagyna;
• dem alyş hereketine gatnaşýan myşsalar toparynyň işjeňleşmegine;
• dem alyş ulgamy bilen bagly gaýra üzülmeleriň öňüni almakda has-da peýdalydyr.

Ma­ral AGA­LY­KO­WA,
Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Be­je­riş-sa­gal­dyş has­sa­ha­na­sy­nyň bö­lüm mü­di­ri.
Beýleki habarlar