Etrap birinjiligi

15 Aprel 2021
1070

Ýakynda Bäherden etrabynyň sport mekdebinde sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis hem-de ýeňil atletika görnüşleri boýunça etrabyň birinjiligi geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi bilen etrabyň sport mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirilen «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly ýaryşa ýaş türgenler gatnaşdy.

Ýaş oglan-gyzlaryň sportda barha kämillige ýetmegi babatynda örän ähmiýetli bolan bu ýaryş uly gyzyklanma döretdi. Ýaş türgenlere sportuň degişli görnüşleri boýunça ukyp-başarnygyny, erjelligini görkezmäge giň mümkinçilikler üpjün edildi. Bu bolsa, ýaryşyň guramaçylykly geçmeginde ähmiýetli boldy.

Hurmagül GARAMÄMMEDOWA,
Bäherden etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy, sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy.
Beýleki habarlar