Sagdyn durmuşyň ygtybarly ýörelgesi

14 Aprel 2021
1145

Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň saglygy we abadançylygy baradaky alada mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk we gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly toýlaryna barýan Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, raýatlar üçin saglygy goramak babatda hemmetaraplaýyn deň mümkinçilikleri we şertleri üpjün etmek, saglygy goraýşy halkara ölçeglere laýyklykda ösdürmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek maksady bilen, Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021—2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy.

«Esger».
Beýleki habarlar