Geljegi umytly türgenler

13 Aprel 2021
1068

Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň döwrebap derejede türgenleşip, sportda has-da taplanmagy, kämilleşmegi we ýokary sepgitleri eýelemegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredýär. Gökdepe etrabynyň çäginde döwrebap sport mekdepleriniň birnäçesi hereket edýär. Şeýle mekdepleriň biri-de Gökdepe şäherindäki sport mekdebidir. Bu sport mekdebe ýaşlaryň ýüzlerçesi gatnaýar. Tälimçi-mugallymlaryň 16-sy 37 toparda ýaşlar bilen sportuň 8 görnüşi boýunça türgenleşik sapaklaryny geçýär.

Sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýän ýaşlaryň arasynda sportuň basketbol görnüşine höwes edýänler hem az däl. Bu ýerde sportuň agzalan görnüşi boýunça türgenleşik sapaklarynyň ýola goýulmagy bilen ýaş türgenleriň uly topary oňa uly hyjuw we höweslenme bilen ýazyldylar.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar