Türk­me­nis­tan — Sagdynlygyň ýur­dy

12 Aprel 2021
1094

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýur­du­myz ösü­şi­ň tä­ze, röw­şen ýo­lu­na ga­dam goý­dy. Hal­kyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni düýp­li ýo­kar­lan­dyr­mak, sag­ly­gy­ny go­ra­mak, öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny uzalt­mak ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­riň düýp öze­ni­ni düz­ýär. Şeý­le be­lent mak­sat­la­ra ýet­mek üçin bol­sa ýur­du­myz­da ýo­ka­ry ne­ti­je­li sport we köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe he­re­ke­ti giň­den ös­dü­ril­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz sport bi­len meş­gul­lan­mak­da, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­mek­de nus­ga­lyk gö­rel­de gör­kez­ýär. Ýur­du­myz­da ömür­le­re ömür go­şup, ýaşaý­şy gö­zel­li­ge bes­le­ýän sag­dyn­lyk he­re­ke­ti­ne eýer­ýän­le­riň sa­ny­nyň ýyl-ýyl­dan art­ma­gy, sport bi­len meş­gul­lan­ýan­la­ryň ara­syn­da ýaş­la­ryň ag­dyk­lyk et­me­gi aý­ra­tyn gu­wan­dy­ry­jy ýag­daý­dyr.

Sport — sag­lyk, sport — ru­hu­be­lent­lik, sport — aba­dan ýa­şa­ýyş. Yn­sa­nyň be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn­ly­gy­ny ga­zan­mak üçin mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da uly möç­ber­li mak­sat­na­ma­lar üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ber­ka­rar döw­le­tiň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­my­zyň şä­her­le­rin­de, şä­her­çe­le­rin­de we oba­la­ryn­da sport mek­dep­le­ri­niň­dir des­ga­la­ry­nyň köpsan­ly­sy gu­rul­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň yg­lan eden Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň çä­gin­de bi­ziň we­la­ýa­ty­myz­da hem sport mek­dep­le­ri­niň hem-de des­ga­la­ry­nyň en­çe­me­si gur­lup, tür­gen­le­riň yg­ty­ýa­ry­na be­ril­di. Hä­zir­ki wagt­da we­la­ýa­ty­my­zyň sport mek­dep­le­rin­de tür­gen­le­riň 24522-si spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ýar. Ola­ra ýo­ka­ry ba­şar­nyk­ly tä­lim­çi­le­riň 705-si tä­lim ber­ýär. We­la­ýa­ty­my­zyň tür­gen­le­ri­niň dür­li de­re­je­li bäs­le­şik­ler­de şow­ly çy­kyş et­mek­le­ri bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan köp­ta­rap­ly iş­le­riň my­na­syp ne­ti­je ber­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Şu gün­ki us­sat­ly­ga da­laş ed­ýän ýaş tür­gen­ler er­tir­ki çem­pion­lar­dyr. Şeý­le ne­ti­je­li çe­me­leş­me­ler ahyr­ky ne­ti­je­de türk­men spor­tu­nyň at-ab­ra­ýy­nyň has-da be­len­de gö­te­ril­jek­di­gi­ne berk ynam dö­red­ýär.

Beýleki habarlar