Ta­ny­mal tür­gen­ — Ma­rat Ny­ýa­zow

12 Aprel 2021
1254

Şu ýy­lyň 10-njy mar­tyn­da sport muş­dak­la­ry­nyň gö­wün­le­ri­ni gal­kyn­dy­ryp, türk­men spor­tu­nyň ab­ra­ýy­ny bir gez be­len­de gö­te­ren ta­ry­hy wa­ka bo­lup geç­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Aş­ga­ba­dyň Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de 2018-nji ýy­lyň no­ýabr aýyn­da Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça ge­çen dün­ýä çem­pio­na­tyn­da ýe­ňi­ji bo­lan türk­men tür­ge­ni Ýul­duz Ju­ma­ba­ýe­wa my­na­syp bo­lan al­tyn me­dal­la­ry­nyň iki­si­ni da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şur­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz da­ba­ra­da eden çy­ky­şyn­da sport äle­min­de uly üs­tün­lik­le­ri ga­za­nan meş­hur türk­men tür­gen­le­ri­niň ha­ta­ryn­da Ma­rat Ny­ýa­zo­wyň ady­ny hem buý­sanç bi­len ag­za­dy. Bi­ziň aşak­da­ky ýaz­gy­la­ry­myz hem sport äle­min­de öçmejek yz go­ýan, 1960-njy ýyl­da Rim­de ge­çi­ri­len to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň kü­müş me­da­ly­na eýe bo­lan, ny­şa­na ok at­mak­da köp ge­zek dün­ýä­niň we Ýew­ropa­nyň çem­pio­ny we re­kord­çy­sy meş­hur türk­men mer­ge­ni­ne ba­gyş­lan­ýar.

Ma­rat Ny­ýa­zow 1933-nji ýy­lyň 28-nji sent­ýab­ryn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de dün­ýä in­ýär. Ol Mosk­wa­nyň I.Gub­kin adyn­da­ky Ne­bit we gaz ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by döw­rün­de spor­tuň ny­şa­na ok at­mak gör­nü­şi bi­len çyn­la­kaý meş­gul­la­nyp ug­ra­ýar. Ol tu­tan­ýer­li­li­gi, mak­sa­da ok­gun­ly­ly­gy, te­bi­gy ze­hin­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­la­nyp­dyr. Onuň ny­şa­na ok at­mak­da haý­ran gal­dy­ry­jy ne­ti­je­le­ri ga­zan­ma­gy­ny ata-ba­ba­syn­dan mi­ras ga­lan uky­by, ýo­ka­ry ba­şar­ny­gy bi­len bag­la­nyş­dyr­mak ýer­lik­li bo­lar. Ma­rat Ny­ýa­zow il­kin­ji üs­tün­li­gi­ni 1958-nji ýyl­da Mosk­wa­da ge­çi­ri­len dün­ýä çem­pio­na­tyn­da ga­za­nyp­dyr. Ol bu uly ýa­ryş­da öň goý­lan re­kor­dy tä­ze­läp, dün­ýä­niň çem­pio­ny bo­lup­dyr. Soň­ra Ma­rat Ny­ýa­zow bir­nä­çe ýyl­la­ryň do­wa­myn­da şeý­le ýe­ňiş­le­ri üs­tün­lik­li gaý­ta­la­ma­gyň höt­de­sin­den ge­lip­dir. Ga­dy­my Rim şä­he­rin­de bo­lan to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da bol­sa ol türk­men spor­tu­nyň ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek kü­müş me­da­lyň eýe­si bol­ýar. At ga­za­nan sport us­sa­dy ýa­ryş­la­ra gat­naş­ma­gy­ny go­ýan­dan soň­ra tä­lim­çi­lik işi bi­len meş­gul­la­nyp­dyr. Ma­rat Ny­ýa­zow bu ýe­ňil bol­ma­dyk iş­de hem uly üs­tün­lik­le­ri gazanýar. Öz döw­rün­de ol Bol­ga­ri­ýa­da, Ru­my­ni­ýa­da, Mü­sür­de, Filip­pin­ler­de, Mýan­ma­da, Ku­weýt­de tä­lim­çi bo­lup zäh­met çe­kip, us­sat tür­gen­le­riň uly to­pa­ry­ny taý­ýar­la­ma­gyň höt­de­sin­den ge­lip­dir. So­ňy bi­len us­sat ha­ly­pa­nyň şä­girt­le­ri bel­li tä­lim­çi­ler bo­lup ýe­ti­şip­dir­ler. Ma­rat aga ni­re­de iş­le­se-de, ata Wa­ta­ny­ny di­lin­den dü­şür­män­dir, oňa ak ýü­rek­den hyz­mat edip­dir.

Beýleki habarlar