Sportuň täsin görnüşleri

12 Aprel 2021
1163

Jaý-alaý — sportuň bu görnüşi dünýäde iň tizlikli oýun hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Onda oýunçy susaga meňzeş ýörite elligi geýip, pökgini diwara zyňýar. Bäsdeşi bolsa şol topy gapyp, ýene-de diwara zyňýar. Jaý-alaý üçin niýetlenilen pökgi örän gaty görnüşli bolup, ol sagatda 300 kilometre çenli tizlikde hereket edýär. Oýnuň dowamynda pökgini araçäkden çykarmaly däl, ýere-de gaçyrmaly däl. Oýunçylaryň aýtmaklaryna görä, pökginiň tiz ýyrtylýandygy sebäpli ony her 15 minutdan çalşyp durmaly bolýar.

Suw astyndaky hokkeý — dünýäniň dürli ýurtlarynda, ýagny, Ýaponiýada, Belgiýada, Fransiýada, ABŞ-da hem-de Gollandiýada köp oýnalýan oýunlaryň biri. Her topardan alty türgeniň gatnaşmagynda suwdan doly howuzlarda pökgi sürülýän kelteräk, ujy egri (klýuşka) gural bilen oýnalýar. Şeýle ýagdaýda-da türgenler derwezä şaýba urmagyň hötdesinden gelýärler.

Beýleki habarlar