Gadymy oýnuň meşhurlygy artýar

12 Aprel 2021
973

Tennis meşhurlygy boýunça dünýäde futbol bilen basketboldan soňra üçünji orunda durup, onuň bilen 90 milliona golaý adam meşgullanýar. Ýurdumyzda-da bu görnüş soňky ýyllarda uly meşhurlyga eýe boldy. Paýtagtymyzda, şol sanda ähli welaýatlarda-da köpsanly tennis meýdançalary döredilip, ulanylmaga berildi. Welaýatymyzda Türkmenabat şäherindäki 6-njy, 9-njy hem-de Dänew, Köýtendag, Döwletli etraplaryndaky sport mekdeplerinde tennis bilen meşgullanýarlar. Olarda 9 tälimçi bu ugurdan 25 toparda türgenleşik geçýär. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan oglanlaryň we gyzlaryň sany bolsa 300-den geçýär. Olar dürli ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Bu sportuň şu güni we geljegi barada Türkmenabat şäherindäki 9-njy sport mekdebiniň birinji derejeli tälimçisi, Türkmenistanyň üç gezek çempiony Babamyrat Mamatrasulow bilen söhbetdeş bolduk:

— Babamyrat aga ilki tennisiň taryhy bilen içgin tanyşdyraýsaňyz?

Beýleki habarlar