Tä­sin ösüm­lik

7 Aprel 2021
2112

Ýur­du­my­zyň dag­la­ryn­da we çöl­le­rin­de dür­li gör­nüş­li ösüm­lik­ler duş gel­ýär. Ola­ryň her bi­ri uzak wagt­yň dowamynda toprak we howa şertlerine laýyklykda dö­wür­le­ýin üýt­gäp dur­ýan, ele­ment­le­riň ýa­şaý­şy üçin ze­rur bo­lan eko­lo­gi­ýa ýag­daý­la­ry­na uý­gun­laş­ýar. On­dan baş­ga-da, beý­le­ki or­ga­nizm­ler bi­len bi­le­lik­de ösüp, olar öz ko­wum­daş­la­ry­nyň, haý­wan­la­ryň, kö­me­lek­le­riň we mik­roor­ga­nizm­le­riň tä­si­ri­ne düş­ýärler.

Gül­le­ýiş möw­sü­min­den «ga­lan» mör-mö­jek­le­ri özü­ne çek­mek üçin ösüm­lik­le­riň kä­bi­ri mas­lyk­çy we ders si­ňek­le­ri­dir çir­keý­ler üçin özboluşly ys ýaý­rad­ýar. Şo­nuň ýa­ly ösüm­lik­le­riň bi­ri «Al­tyn asyr» Türk­men kö­lü­niň kenarynda ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Bu ösüm­lik «Gar­ny­ýa­ryk» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Ol köp­lenç, çö­ket­lik­le­riň düý­bün­de ýa-da gum ýap­gyt­la­ry­nyň iň aşa­ky ete­gin­de bit­ýär. Garnyýaryk — so­gan­pi­sint kök­li köp­ýyl­lyk ösüm­lik bo­lup, ýaz pas­lynda gül­le­ýär we mi­we­le­ýär.

Ser­dar ÖWEZGELDIÝEW,
luk­man.
Beýleki habarlar