Welosport yzygiderli ösüşde

25 Mart 2021
1213

Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň güýzünde paýtagtymyz Aşgabatda Welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda bu abraýly sport ýaryşyny üstünlikli geçirmek üçin giňden taýýarlyk görülýär. Türkmenistanda halkara derejeli sport ýaryşlaryny geçirmek üçin ajaýyp Olimpiýa şäherçesi özünde giň mümkinçilikleri jemleýär. Bu ýerdäki döwrebap Welotrek sport binasynyň iň häzirki zaman ölçeglerine laýyklanyp gurlandygyna «Aşgabat — 2017-niň» oýunlarynyň dowamynda-da doly göz ýetirildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, halkymyzyň, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketine çekilmegi babatda zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda welosiped sportuny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Köpçülikleýin welosiped ýörişini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Milli Liderimiziň hut özüniň watandaşlarymyz bilen bilelikde şol köpçülikleýin çärelere gatnaşmagy ýurdumyzda sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sanynyň artmagyna, umuman, sportuň wagyz edilmegine nusgalyk goşant, şeýle hem täze ekologiýa garaýyşlarynyň kemala gelmegine, daşky gurşawyň ýagdaýyna jemgyýetiň jogapkärçiliginiň ýokarlandyrylmagyna çagyryş bolýandygy hem guwandyryjydyr.

Serdar BAÝLYÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar