Anyk wezipeler we maksatlar

24 Mart 2021
1249

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda welosiped sportuny ösdürmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Sportuň bu görnüşini ösdürmegiň esasy maksady ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, sporty beden hem-de ruhy kämilligiň çeşmesine öwürmek bolup durýar.

Ýurdumyzyň welosiped sportunyň üstünlikleri döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen yzygiderli durmuşa geçirilýän hem-de türkmenistanlylaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine işjeň gatnaşmagyny gazanmaga, türkmen sportunyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga, olimpiýa hereketini ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň netijesidir. Şol üstünlikleriň hatarynda 2018-nji ýylda geçirilen welosiped sürmek boýunça iň köp sanly ildeşlerimiziň gatnaşmagynda okuw sapagynyň, 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde iň dowamly bir nyzamly welosipedli ýörişiň guralandygyny aýratyn belläp geçmek bolar. Agzalyp geçilen iki çäre bu ugurda dünýä rekordyny täzeläp, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.

Orazmyrat SARYÝEW,
Daşoguz welaýat kazyýetiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar