Türkmenistan — işjeň ösýän sport döwleti

23 Mart 2021
1222

Sport — saglyk, ösüş we bagtyýarlyk getirýän durmuş hakykaty. Ol ynsanlara saglyk bagyş etmek bilen birlikde, olaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklara ýol açýar. Halklaryň abadan we parahat durmuşyna gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlary bilen çykyş edýän ýurdumyzda sport çäreleriniň giň gerim almagy kanunalaýyklykdyr. Ähli döwürlerde-de dostlugy, parahatçylygy, agzybirligi, jebisligi we raýdaşlygy şygar edinen sport adamzadyň öňünde diňe oňyn maksatlary goýýar. Ýurdumyz bolsa oňyn maksatlary durmuşa geçirmekde, parahatçylygy wagyz etmekde sebitde nusga bolup çykyş edýär.

Häzirki döwürde Türkmenistan örän ýokary depginler bilen ösýän sport döwletleriniň biridir. Biziň Watanymyzyň ähli künjeginde döwrebap sport desgalary, ýokary derejeli stadionlar, atçylyk sport toplumlary gurulýar. Çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bedenterbiýe maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda şu ýyl Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň, Aziýa we Okeaniýa IV toparynda tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň tapgyrynyň, 2022-nji ýylda bolsa Sambo boýunça dünýä çempionatynyň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegi meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu ýaryşlara ýokary derejede taýýarlyk görülýär.

Hydyr HAJYLYÝEW,
Aşgabat şäherindäki 60-njy orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy.
Beýleki habarlar