Çempion bilen duşuşyk

21 Mart 2021
1426

Gökdepe etrabynyň Babarap obasyndaky ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş sport mekdep-internatynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby, Halkara agyr atletika federasiýasy tarapyndan 45 kilogram agramdaky türgenleriň arasynda dünýäniň çempiony diýlip ykrar edilen, milli ýygyndy toparymyzyň türgeni Ýulduz Jumabaýewa bilen duşuşyk geçirildi. Welaýat häkimligi, welaýatyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we bu merkeziň Ahal welaýat birleşmesi tarapyndan guralan duşuşyga sport mekdep-internatynyň okuwçylary, ýaş türgenler hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Ahal welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Garryguly Garrygulyýew duşuşygy açmak bilen, onuň hormatly myhmany Ýulduz Jumabaýewany gazanan üstünligi bilen gutlady hem-de milli Liderimiziň türkmen türgenleriniň halkara derejesindäki ýaryşlara gatnaşmagy we üstünlikli çykyş etmegi ugrundaky edýän taýsyz tagallalary, döredýän giň şertleridir mümkinçilikleri barada durup geçdi.

Ýörite habarçymyz.
SURATDA: duşuşykdan pursat.
Beýleki habarlar