Başarjaň basketbolçy

19 Mart 2021
1331

Ýurdumyzyň çar künjeginde iri sport desgalarynyň we sport mekdepleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi islendik ýaşdaky ildeşlerimiz üçin sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň ýol açdy.

Häzirki zaman ýaşaýyş toplumlarynda, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň golaýynda futbol, woleýbol, basketbol meýdançalarynyň, tennis kortlarynyň gurulmagy ýaşlaryň we ýetginjekleriň sporta bolan söýgüsiniň ösmegine örän uly ýardam edýär. Soňky wagtlarda toparlaýyn oýnalýan sport görnüşleri bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany günsaýyn artýar. Basketbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň agzasy bolan Hojanepes Hojanepesow hem şeýle ýaşlaryň biridir.

Merdan AMANOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar