Aşgabatda tennis baýramçylygy

19 Mart 2021
1116

Gadyrly çagalar, araňyzda tennis sportuna muşdagyňyz barmy? Kändir. Ine, şol muşdak çagalar tennis duşuşyklaryna beletdir. Sportuň bu görnüşinde bir duşuşyk birnäçe sagatlap dowam edip bilýär. Ýöne duşuşygyň gidişine gyzygyp, şol sagatlaryň nähili geçendigini hem bilmän galarsyň, şeýle gyzyklydyr.

Tennisiň türkmenistanly muşdaklary şu güne çenli ýurdumyzda geçirilen halkara ýaryşlaryň birnäçesine janköýerlik etmek bagtyna eýe boldular. Aşgabat Aziadasynyň bosagasynda geçirilen halkara ýaryş, soňra Aşgabat — 2017-niň çägindäki ýaryşlar, hatda Merkezi Aziýanyň çagalarynyň arasynda hem Aşgabatda halkara ýaryş geçirildi. Sentýabr gelip, täze okuw ýylyna gadam goýjak günlerimizde bize merjen paýtagtymyzda ýene bir tennis baýramçylygy — Dewisiň Kubogy boýunça halkara ýaryşyň sebitleýin tapgyry garaşýar.

Agageldi ITALMAZOW,
žurnalist.
Beýleki habarlar