Ussat türgenleriň mesgeni

19 Mart 2021
1079

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýäni we sporty mundan beýläk hem ösdürmek hem-de türkmen sportuny dünýä derejesine çykarmak baradaky görkezmelerinden ugur alnyp, sport mekdeplerinde ýaş zehinli türgenleri ýüze çykarmakda, ýurdumyzyň sport abraýyny belende göterjek halkara derejeli ussat türgenleri ýetişdirmekde uly tagallalar edilýär. Şeýle işler Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki sport mekdebinde hem mynasyp dowam etdirilýär. Bu babatdaky işler Ahal welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň tassyklan ýyllyk iş meýilnamasy esasynda ýola goýulýar.

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki sport mekdebinde jemi sportuň 14 görnüşi boýunça tälim berlip, 23 sany tälimçi-mugallym zähmet çekýär we 63 toparda 808 sany türgen tälim alýar. Sport mekdebiniň türgenleri welaýat we döwlet derejesinde geçirilýän sport bäsleşikleridir çempionatlara yzygiderli gatnaşyp, üstünlikli çykyş edýärler hem-de baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Bulardan başga-da, Ahal welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň ýyllyk meýilnamasy esasynda Gökdepe etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ösüp gelýän ýaş nesilleriň berk bedenli, ruhubelent şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin sportuň we bedenterbiýäniň ähmiýeti dogrusynda wagyz-nesihat, ündew-terbiýeçilik işleri geçirilýär. Ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermekleri, köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaklary ugrunda yzygiderli tagallalar edilýär. Bu bolsa ussat türgenleriň täze neslini kemala getirmäge ýardam berýär. Çünki ýurdumyzyň aýdyň geljegi ýaşlaryň kämillik derejesi bilen berk baglanyşyklydyr.

Gurbannazar ÖWEZSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.
Beýleki habarlar