Sport — ýaşaýşyň gözelligi

19 Mart 2021
1099

Berkarar döwletimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, sagdyn nesilleri ýetişdirmek, ilaty köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketine çekmek döwlet syýasatynda möhüm ugurlaryň biri hasaplanylýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Ýurdumyzda bedenterbiýe we sporty ösdürmäge raýatlarymyzyň işjeňligini artdyrmaga hem-de saglygyny berkitmäge hemişe üns bereris» diýip belleýşi ýaly, döwletimizde bedenterbiýäniň we sportuň ösen ulgamyny döretmek hem-de kämilleşdirmek babatdaky tagallalaryň netijesinde Türkmenistan köpçülikleýin sportuň ösýän we abraýly halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi.

Hakykatdan hem, gurlup, ulanylmaga berilýän sport desgalaryny göreniňde, geçirilýän sport çäreleriniň guramaçylyk derejesine üns bereniňde Türkmenistan Watanymyzyň sagdynlygyň ýurdudygyna, sportuň dabaralanýan, bedenterbiýäniň şöhratlanýan mekanydygyna magat göz ýetirýärsiň. Ýurdumyzda bina edilen sport desgalarynda we toplumlarynda yzygiderli sport ýaryşlary geçirilýär. Ýakynda Bäherden etrabynyň sport mekdebinde hormatly Prezidentimiziň köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli sport mekdebiniň türgenleriniň we tälimçileriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda sport mekdebiniň müdiri Kerwen Baýramow, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Akmyrat Geldiýew we halypa tälimçi Parahat Amanow dagy çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda şu ýyl ýurdumyzda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň hem-de Dewisiň Kubogyny almak ugrundaky halkara ýaryşyň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem çykyş edenler ýaş nesilleriň berk bedenli, arassa ahlakly şahsyýetler bolup ýetişmekleri babatda ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň ähmiýeti dogrusynda täsirli söhbet açdylar hem-de halkymyzyň abadan ýaşaýşy ugrunda bimöçber aladalar edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Hurmagül GARAMÄMMEDOWA,
Bäherden etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy, sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy.
Beýleki habarlar