Türgenleşikde-de ýaryşda ýaly...

19 Mart 2021
1517

Wagtyň salymy ýok. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uludan bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň birinji çärýegi hem tamamlanyp barýar. Bagtyýarlyga, toýdur baýramlara beslenýän günler bizi şanly senelere, şeýle hem iri sport ýaryşlaryna barha ýakynlaşdyrýar. Şu ýylyň altyn güýzüniň 43-nji gününden badalga alyp, 47-nji güni tamamlanjak Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň hem türkmen sportunyň şöhratyny dünýä ýaýjak iri ýaryşlaryň biri boljakdygyna ynanýarys.

Şu günler Welotrek boýunça milli ýygyndymyzyň türgenleri hem bu ýaryşa ýokary derejede taýýarlyk görýärler. Olar sport ussatlygyna dalaşgär Nargeldi Igdirowyň ýolbaşçylygynda häzirki wagtda Gökdere jülgesindäki «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde türgenleşik işlerini alyp barýarlar. Biz ýakynda bu ýerde tälimçi Nargeldi Igdirow bilen gürrüňdeş bolduk. Ol öz işleri barada şeýle gürrüň berdi:

Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar