Türkmen sporty halkara hyzmatdaşlygynda

18 Mart 2021
1488

Ýurdumyzda dürli ýaryşlaryň, şol sanda halkara derejesindäki ýaryşlaryň guralmagy we geçirilmegi sport boýunça milli strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň sport ulgamynda işjeň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmagy döwletimiziň dünýäniň halkara sport ulgamyna netijeli goşulyşmaga ymtylýandygyny aýdyň tassyklaýar. Olimpiýa hereketini, köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary üstünlikler gazanylýan sporty ösdürmek meselesi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň derejesine çykaryldy. Munuň şeýledigine Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türgenlerimiziň halkara derejesinde gazanýan üstünlikleri-de mysal bolup durýar. Türgenlerimiziň dürli ýurtlaryň güýçli türgenleri bilen bäsleşikde bütin dünýä möçberindäki şeýle uly ýaryşlara gatnaşmagy türkmen sportunyň gazanan uly üstünligidir. Olimpiýa oýunlary, sportuň, medeniýetiň, halkara hyzmatdaşlygyň üsti bilen parahatçylyk, dostluk hem-de ylalaşyk taglymlaryny durmuşa geçirmegiň özboluşly ädimidir.

Ýurdumyzda bedenterbiýe we sport babatdaky iş döwlet tarapyndan goldanylýar, bedenterbiýäni we sporty goldamak we ösdürmek boýunça birnäçe döwlet maksatnamalary hereket edýär. Şu ýylyň 22-nji ýanwarynda ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, “Türkmenistanda 2021—2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasy”, şeýle-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Bu resminama ýurdumyzda sporty goldamak we ilatyň saglygyny berkitmek, ýaş nesli sporty söýmek ruhunda terbiýelemegiň bitewi ulgamyny kämilleşdirmek, milli sporty has-da ösdürmegiň ygtybarly hukuk, guramaçylyk we maddy-tehniki esaslaryny döretmek ýaly maksatlardan ugur alýar.

Maksat ÇARYÝEW,
Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň işgäri.
Beýleki habarlar