Milli sportumyzyň abraýy artýar

17 Mart 2021
1108

Bagtyýarlyk döwrümizde türkmen sportunyň abraýy barha belende göterilýär. Hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda eýe bolan ýokary sylagyny — altyn medalyny gowşurmagy mynasybetli guralan dabara hem munuň aýdyň subutnamasy boldy.

Milli sportumyzyň taryhyndaky bu şanly waka mynasybetli welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň guramagynda Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda tälimçileriň, türgenleriň, talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda maslahat geçirildi. Onda çykyş edenler ýurdumyzda ussat türgenleri ýetişdirýän tälimçilere we öz ýeňişleri bilen eziz Diýarymyzyň sport abraýyny belende galdyrýan türgenlere Gahryman Arkadagymyzyň hemişe uly hormat-sarpa goýýandygyny, Şa serpaýlary bilen sylaglap, tälimçileriň, türgenleriň has netijeli işlemekleri üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredýändigini buýsanç bilen nygtadylar. Ý.Jumabaýewanyň hem-de onuň tälimçisiniň eýe bolan sylag-serpaýlarynyň munuň subutnamasydygyny belläp geçdiler. Türkmen sportunyň hak howandary Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw etdiler.

Ýakup AMANOW,
welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar