Sport — sagdyn durmuşyň badalgasy

11 Mart 2021
1810

Hormatly Prezidentimiz: «Sport birleşdiriji, ruhlandyryjy güýç hökmünde döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylygy, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şertidir» diýip belleýär hem-de ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmäge, bu ugurdaky milli kanunçylygy kämilleşdirmäge aýratyn üns gönükdirýär. Munuň özi türkmen sportunyň täze belentliklere çykmagyna, ussat türgenleriň kemala gelmegine giň mümkinçilikleri açýar, berkarar Watanymyzyň sport ýurdy hökmündäki abraýynyň belende galmagyna şert döredýär.

Bu gün her birimiziň türkmen sportunyň ösüşine guwanmaga we buýsanmaga hakymyz bardyr. Häzirki wagtda diýarymyzyň dürli künjeklerinde köp ugurly sport toplumlary, döwrebap sport mekdepleridir meýdançalary, stadionlar hereket edýär. Olarda ýaşlar üçin türgenleşik geçmäge, sportda barha taplanmaga, şeýle-de dürli görnüşli ýaryşlary guramaga giň şertler bar. Bu bolsa, türkmen sportunyň abraýyny arşa göterjek türgenleri kemala getirmegiň esasy şertlerini üpjün edýär.

Daýanç AKMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby.
Beýleki habarlar