Ýurdumyzyň sport abraýy pugtalanýar

10 Mart 2021
1161

Türkmenistan döwletimiz milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlar boýunça rowaç gadamlar bilen öňe barýar. Şolar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň sport abraýy hem bütin dünýäde dabaralanýar. Düýn hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda agyr atletikaçy türgenimiz Ýulduz Jumabaýewany sylaglamak dabarasynyň geçirilmegi munuň nobatdaky subutnamasy boldy.

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen dabara ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi, daşary ýurtly myhmanlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

"Nesil".
Beýleki habarlar