Türkmen sporty dünýäde meşhurlyk gazanýar

10 Mart 2021
1027

9-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Halkara welosipedçiler birleşiginiň Ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarowy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda şu ýylyň 13 — 17-nji oktýabrynda Welotrek boýunça geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Bu abraýly ýaryşy Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Welosiped sporty federasiýasy hem-de Halkara welosipedçiler birleşigi bilen bilelikde guramak tabşyryldy. Dünýä derejesindäki iri ýaryşyň Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň hem-de Aziýanyň merjeni hasaplanylýan ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda geçiriljekdiginiň çuňňur manysy bardyr. Bu çempionata dünýäniň 186 ýurdundan wekiller gatnaşar. Daşary ýurtly bilermenleriň baha bermeklerine görä, sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary hem-de işjeň wagyzçysy bolan milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanda diňe bir bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmak üçin däl, eýsem, ýokary derejeli ýaryşlary geçirmek üçin hem ähli şertler döredildi.

Mähriban Arkadagymyzyň öňdengörüjiligi netijesinde paýtagtymyzda özboluşly sport toplumy bolan, diňe Merkezi Aziýa sebitinde däl-de, eýsem, onuň çäklerinden alyslarda hem deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi guruldy. Bu ýerdäki iň iri desga Olimpiýa stadiony bolup, onuň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde dessine ünsüňi özüne çekýär. Bu ajaýyp keşpde ýurdumyzyň belent maksatlaryna, dünýäde parahatçylygyň hem-de halklaryň arasyndaky dostlugyň, ählumumy rowaçlygyň we abadançylygyň bähbidine döredijilikli gatnaşyklara, durmuşyň baş baýlygy hökmünde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmäge bolan okgunlylyk jemlenendir.

«Esger».
Beýleki habarlar