Ha­ly­pa bol­mak bag­ty

10 Mart 2021
1100

Durmuşynyň 40 ýyla golaýyny spor­ta ba­gyş­lan, ýur­du­my­zyň kä­mil sam­bo­çy­la­ry­nyň ha­ta­ry­na şägirtleriniň bir­nä­çesini go­şan halypa — birinji derejeli ussat tälimçi Serdar Açilow Türk­me­na­bat şä­he­rin­dä­ki 4-nji sport mek­de­bin­de jiu-jit­su, sam­bo hem-de sö­weş sam­bo­sy bo­ýun­ça ýaşlara tälim berýär. Ol sporta ilki gadam basan döwründe 14 ýaşly ýetginjekdi. Onda sporta bolan höwesi aýal dogany döredipdir. Serdar doganynyň maslahaty bilen ussat tälimçi Paýzulla Rozmammedowdan sambo boýunça ilkinji tilsimleri öwrenipdir, soňra göreşiň bu görnüşi bilen ymykly gyzyklanyp başlapdyr. Ol 1979-njy ýylda Türk­me­na­bat şä­he­rin­dä­ki 27-nji or­ta mek­de­bi üs­tün­lik­li ta­mam­lap, şol ýylda Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­ty­nyň be­den­ter­bi­ýe fa­kul­te­ti­ne oku­wa girýär. Oku­wyň da­şyn­dan ýur­du­my­zyň çä­gin­de ge­çi­ril­ýän ýa­ryş­la­ra gat­na­şyp, baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bo­lýar. Ser­dar Açi­low şol ýyllarda ge­çi­ri­len çem­pio­nat­lar­dan, ku­bok ug­run­da­ky ýa­ryş­lar­dan al­tyn, kü­müş, bü­rünç me­dal­lar bi­len do­la­nyp­dyr. Ol 1983-nji ýyl­da ýo­ka­ry okuw mekdebini ta­mam­lan­dan soň­ra Türkmenabat şä­heriniň ça­ga­lar ýet­gin­jek­ler sport mek­de­bin­de tä­lim­çi bo­lup işe baş­lap­dyr.

2007-nji ýyl­da Ser­dar Açi­low Türk­me­na­bat şä­he­rin­dä­ki 4-nji sport mek­de­bi­nde dzýu-do, sam­bo bo­ýun­ça tä­lim­çi bo­lup zähmet ýoluny dowam edýär. Şon­dan bä­ri hem şu mek­dep­de işläp gelýär. Ol bir­nä­çe şä­girt og­lan-gyz­la­ry ýetiş­di­r­di. Sö­weş sam­bo­sy bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň çem­pion­la­ry Ali­jan Ýu­su­pow, We­pa Rah­me­dow, Bah­ram Sa­pa­row onuň şä­girt­le­ri­dir.

Gö­zel GYLYJOWA,
ýö­ri­te ha­bar­çy­myz.
Beýleki habarlar