Üzümi idetmegiň agrotehniki çäreleri

3 Mart 2021
1313

Halkymyzyň bereketli saçaklaryny ýokary hilli miweler, ir-iýmişler bilen üpjün etmekde üzüm hem mynasyp orny eýeleýär. Üzüm diňe bir terligine iýilmän, ol gaýtadan işlemäge, uzak aralyklara äkitmäge, häzirkizaman sowadyjy enjamlarda gyşyň soňky aýlaryna çenli saklamaga we halkymyzyň bu iýmite bolan islegini tutuş ýylyň dowamynda üpjün etmäge ýaramlydyr.

Güneşli ülkämiziň rysgally topragynda öndürilýän üzüm özüniň jana şypaly, şirinden-şeker tagamy bilen meşhurdyr. Döwlet tarapyndan ýurdumyzyň üzümçilik pudagynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly ünsüň berilmegi üzümiň terligine iýilýän görnüşleriniň öndürilişiniň artmagyna, düzüminiň baýlaşmagyna we hiliniň gowulanmagyna uly itergi berdi.

Gurban SAPAROW,
Lebap ylmy önümçilik synag hojalygynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar