Arkadagyň taglymaty — baş ýörelgämiz

2 Mart 2021
992

Şu ýylyň 19-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen yzygiderli durmuşa geçirilýän hem-de türkmen sportunyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga, olimpiýa hereketini ösdürmäge gönükdirilen çäreler, «Türkmenistanda 2021—2025-nji ýyllarda welosiped sportuny ösdürmegiň Maksatnamasy hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasy dogrusynda aýdylmagy ýurdumyzda sporta berilýän ähmiýetiň uludygynyň ýene-de bir subutnamasy boldy.

Milli Liderimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzda welosiped sporty hem uly ösüşlere eýe bolýar. Üstümizdäki ýylda ýurdumyzda Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljekdigi hem bu ugurdaky işleriň rowaçlanýandygyny, ata Watanymyzyň kuwwatly sport döwletine öwrülýändigini tassyklaýar. Häzirki wagtda bu iri ýaryşa ýokary derejede taýýarlyk görülýär.

Gülbahar MEREDOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň işgäri.
Beýleki habarlar