Türgenleriň ruhy daýanjy

25 Fewral 2021
928

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dürli ugurlardaky ösüşleri bilen dünýä meşhurdyr. Ýurdumyzda parahatçylygyň belent maksatlarynyň hem-de ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy barha giňeldilýär. Dostlugyň we ynanyşmagyň başlangyjy bolan sport jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan belent güýje öwrülip, bu babatda halkara we sebitara gatnaşyklar hem barha ösdürilýär.

Ýanwar aýynyň 20-sine hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine baryp, şu ýylyň altyn güýzünde ýurdumyzda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň hem-de Dewisiň Kubogyny almak boýunça abraýly halkara ýaryşyň saýlama tapgyryna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Şeýle hem halkara ýaryşlaryna taýýarlygyň barşynda terbiýeçilik işlerine aýratyn ähmiýet bermelidigine ünsi çekdi. Ýaşlara döwrebap terbiýe, bilim bermek üçin ilki bilen olaryň milli buýsanjyny, ata Watana bolan söýgüsini döretmelidigini Gahryman Arkadagymyz belledi. Çünki watançylyk terbiýesi mukaddes we jogapkärli iş. Şonuň üçin türkmen türgenlerimizde ilki bilen ata Watana söýgini, milli däp-dessurlarymyza hormat-sarpany we ýaşuly neslimize sylagly bolmagy terbiýelemeli.

Serdar BAÝLYÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar