Halkara ýaryşa taýýarlyk

25 Fewral 2021
975

Häzirki wagtda Türkmenistan öz sport abraýyny, bu babatda ýeten mümkinçiliklerini aýdyňlygy bilen görkezjek iri sport baýramyna — Tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň tapgyryny geçirmäge taýýarlanýar. Biz ýakynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän iri göwrümli sport desgasynda — Tennis toplumynda bolup, Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň hem-de milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi, sport ussatlygyna dalaşgär Miraly Gasanow bilen söhbetdeş bolduk. Ol bize ýaryşa ýokary derejede taýýarlykly barmak babatda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi.

— Ilki bilen, şeýle iri derejeli halkara ýaryşyň tapgyrynyň ýurdumyzda geçirilmeginiň ählimiz üçin buýsançly waka boljakdygyny bellemek isleýärin. Biz şu günler toparymyz bilen Tennis toplumynyň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, güýçli depginde taýýarlyk işlerini alyp barýarys. Toparymyzyň düzüminde Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň türgenleri Atlymyrat Gurbanow, Ýuriý Rogusskiý, Hajymyrat Çaryýew, Gurbanberdi Gurbanberdiýew, Meýlis Orazmuhammedow, Gurbangeldi Sähedow ýaly ezber türgenler bar. Slowakiýada okaýan, milli ýygyndymyzyň agzasy bolan Isa Mämmetgulyýewiň hem şol ýerde halkara ýaryşa ýokary depginde taýýarlyk görýändigini bellemek gerek.

Ýazga geçiren Allanur ÇARYÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar